30.11.2022 ý. Aşgabat:
tk ru en

“Türkmenistan” awiakompaniýasy“ Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýerli we halkara uçuşlar üçin resmi web sahypasy arkaly howa biletleriniň onlaýn satuwyna başlady.

Ýolagçylar resmi web sahypasy, şeýle hem awiakompaniýanyň mobil programmasy arkaly ýerli we halkara ugurlar boýunça howa biletlerini onlaýn satyn alyp bilerler.

“Android” we “iOS” platformalarynda ykjam programmany ulanýanlar programmanyň täze wersiýasyny gurmalydyrlar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy“ AGPJ-niň web sahypasynda onlaýn bilet satyn almagyň düzgünleri we görkezmeleri bilen tanşyp bilersiňiz.