"Türkmenistan" awiakompaniýasy Türkmenabat-Bişkek-Türkmenabat ugry boýunça ýük gatnawyny amala aşyryp başlady

2022-nji ýylyň 6-njy fewralyndan “Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hepdede iki uçuş ýygylygy bilen Türkmenabat-Bişkek-Türkmenabat ugry boýunça yzygiderli ýük gatnawyny amala aşyryp başlady.

Mundan başga-da, häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat-Frankfurt-Türkmenabat hepdede iki uçuş ýygylygy bilen, Türkmenabat-Pekin-Türkmenabat hepdede üç uçuş ýygylygy bilen, Türkmenabat-Stambul-Türkmenabat hepdede iki uçuş ýygylygy bilen, Türkmenabat-Almata-Türkmenabat hepdede bir uçuş ýygylygy bilen, Türkmenabat-Bangkok-Türkmenabat hepdede bir uçuş ýygylygy bilen ýük howa gatnawlary amala aşyrýar.
 

Şeýle hem