Yolagçylaryň ýerli howa gatnawlarynda welaýatara gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň milli daşaýjysy «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti - tarapyndan 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenbaşy-Daşoguz-Türkmenbaşy, Daşoguz-Kerki-Daşoguz, Daşoguz-Mary-Daşoguz hem-de Daşoguz-Türkmenabat-Daşoguz ugurlary boýunça hepdede bir gezek, Aşgabat-Kerki-Aşgabat ugry boýunça hepdede iki gezek rejeli ýolagçy howa gatnawlaryň amala aşyrylmagyna başlaýar.