Hyzmatdaşlyga çakylyk

Hormatly jenaplar!

«Türkmenhowaýollary» agentligi ähli gyzyklanma bildirýän awiakompaniýalary Türkmenistanyň halkara howa menzilleriniň üsti bilen üstaşyr ýük gatnawlary ýerine ýetirmäge çagyrýar.

Häzirki wagtda Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Kerki, Daşoguz, Mary halkara howa menzilleriniň infrastrukturasy awiakompaniýalar tarapyndan üstaşyr gatnawlary amala aşyrylanda howa gämilere galtaşyksyz hyzmat bermäge mümkinçilik berýär.

«Türkmenhowaýollary» agentligi Türkmenabat we Türkmenbaşy halkara howa menzilleriniň üsti bilen üstaşyr ýük daşaýyşlar üçin daşary ýurt awiakompaniýalarynyň üstaşyr uçuşlarynyň amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýär.

«Türkmenhowaýollary» agentligi Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherleriniň halkara howa menzillerinde uçar we ýük hyzmatlarynyň islendik görnüşine artykmaçlyklary bermäge taýýar.

«Türkmenhowaýollary» agentligi zerurlyklaryňyza laýyk gelýän ähli gyssagly ýük ugratmalary ygtybarly ýerine ýetirip bilýän Türkmenistanda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (AGPJ) bardygyna ünsüňizi çekmek isleýär.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ müşderilerine birnäçe ulag serişdeleriniň görnüşleri arkaly ýükleri eltmek, doly we bölekleýin konteýnerler ýüklemek, Türkmenistan boýunça «gapydan-gapa» eltip bermek üçin hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýär.

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ-niň işi barada has giňişleýin maglumaty www.tulm.tm web-sahypasynda tapyp bilersiňiz.

«Türkmenhowaýollary» agentligi öz gezeginde isleg bildirýän edaralara we kompaniýalara Türkmenistanyň howa menzilleriniň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary guramakda hemmetaraplaýyn ýardam berer. Has giňişleýin maglumat almak üçin

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar we Şertnamalar bölümine international-dept.turkmenhowayollary@online.tm elektron salgy arkaly ýüz tutup bilersiňiz.
 

Şeýle hem