30-njy iýulda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Howa menzilinde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar hem-de döwrebaplaşdyrylan Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen işe girizilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ulag ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, täze enjamlar bilen üpjün edilmegi bu ulgamda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň aýrylmaz bölegidir. Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň täzeçil tehnologiýalaryň esasynda döwrebaplaşdyrylmagy-da munuň aýdyň nyşanydyr. Şunuň bilen bir hatarda, howa menziliniň halkara gatnawlaryň ýolagçy terminalynyň hem-de pasportlary resmileşdirmek we gözegçilik nokatlarynyň innowasion enjamlar bilen üpjün edilendigini bellemek gerek.
Döwlet Baştutany howa menziliniň halkara ýolagçy terminalyna we pasport gözegçilik nokadyna baryp, howa menziliniň gümrük barlag nokadyndan geçdi we bu ýerde döredilen häzirki zaman şertleri bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz, Türkmenbaşy halkara howa menziline gelen täze enjamlar bilen tanyşdy we olaryň dogry işlemegine we hyzmat edilmegine ünsi jemläp, birnäçe gymmatly teklipleri berdi.