Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär

«TÜRKMENHOWAÝOLLARY» DÖWLET GULLUGY
Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi
2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Howa gämileriniň awiasion we radioelekron enjamlarynyň tehniki taýdan ulanylyşy
2. Howa gämileriniň we awiaherekete getirijileriniň tehniki taýdan ulanylyşy
3. Howa ulaglarynyň hereketini dolandyrmak
4. Awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek
5. Howa menzilleriniň radiotehniki enjamlarynyň tehniki taýdan ulanylyşy
6. Awiasiýa ýangyç-çalgy serişdeleriniň öndürilişi, saklanylyşy, daşalyşy, guýluşy we olaryň hil barlagy

Mekdebe saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň lukmançylyk merkeziniň talaplaryna gabat gelýän, umumy orta bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) we gyzlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti  2,5 ýyl, dalaşgärleriň ýaşy 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaba alynýar.

Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. 

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 14-nji iýuly — 18-nji awgusty aralygynda kabul edilýär

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 
— bellenilen nusgada mekdebiň direktorynyň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; 
narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwahat;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3x4 sm ölçegdäki (12) on iki sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: 
— şahsy pasportyny; 
— harby şahadatnamasyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 21-22-i we 24-i we 25-i günlerinde Aşgabat şäherinde «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär:

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär:

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. 

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde ýazmaça we dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., A.Amanow (2089) köçe, jaý 17, aeroport, tel.:23-34-21.

Şeýle hem