Iri halkara forumyna taýýarlyk işleri batly depginde alnyp barylýar

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda, hormatly Prezidentimiziň — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan giň gerimli özgertmeleriň ýolunda ynamly öňe barýar. Bu ösüşleriň merkezinde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmek we dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmek ýaly beýik maksatlar durýar.

Ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki belent abraýynyň aýdyň subutnamasy hökmünde, 2025-nji ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda Hazaryň kenaryndaky merjen künjekde — «Awaza» syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahaty görkezip bolýar. Bu giň gerimli forum onlarça döwletiň, halkara guramalaryň, işewürleriň, ylmy-bilim jemgyýetçiliginiň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini jemläp, dünýä ösüşiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, deňhukukly ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge we durnukly ösüşiň geljekki onýyllyklary üçin strategik ugurlary kesgitlemäge giň mümkinçilik döreder.

Şeýle uly forumyň biziň Ata-Watanymyz – Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde geçirilmegi — ýurdumyzyň halkara bileleşigi tarapyndan uly ynama eýediginiň, dialoga, deňhukuklylyga, hormat goýulmagyna we parahatçylykly ýaşaýşa hemişe ygrarlydygynyň aýdyň nyşanydyr.

Bu möhüm çäre üçin ýokary derejeli taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli pudaklary, edaralary we hyzmat ulgamlary myhmanlary iň ýokary derejede garşy almak maksady bilen tagalla edýär.

Şeýle möhüm çäreleriň üstünlikli geçirilmegine öz mynasyp goşandyny goşýan esasy düzümleriň biri hem «Türkmenhowaýollary» agentligi bolup durýar. Türkmen halkynyň myhmansöýerligini dünýä ýaýýan uçuş işgärleriniň çeýeligi, tertipliligi we adamkärçiligi daşary ýurtly myhmanlaryň ilkinji täsiriniň esasyny düzýär. Häzirki wagtda bu agentlik Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan parasatly syýasatynyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasatynyň netijesinde ähli ugurlar boýunça okgunly ösüşe eýe bolýar.

«Türkmenhowaýollary» agentligi BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň wekiliýetlerini we myhmanlaryny Türkmenistana getirmek işini üpjün eder. Şunuň bilen birlikde, 2025-nji ýylyň 1-10-njy awgusty aralygynda ýurdumyzyň milli howa gatnawy dolandyryjysy halkara ugurlar boýunça uly isleg bildirilýän ugurlardan Türkmenbaşy halkara howa menziline göni uçar gatnawlaryny ýola goýar. Maslahata gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistana gelmegi meýilleşdirýän daşary ýurt awiakompaniýalaryň bardygyny göz öňüne tutulyp, Aşgabat bilen Türkmenbaşy şäherleriniň arasynda goşmaça uçar gatnawlary hem guralar.

Halkara howa gatnawlarynyň utgaşykly ýagdaýda guralmagy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we BMG-niň logistika hem-de ulag boýunça wekilleri bilen gönüden-göni hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. Howpsuzlyga, rahatlyga we ýokary medeni derejede hyzmat etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar, ýolagçylaryň bellige alnyşy, ýükleriň işlenilişi ýaly ähli amallar awtomatlaşdyrylýar, işgärleriň hünär derejesi halkara ölçeglerine laýyklykda ýokarlandyrylýar.

Şeýle hem, «Türkmenhowaýollary» agentligi bu maslahatyň çäklerinde geçiriljek çärelerde hem işjeň gatnaşar. Halkara awiakompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen geçiriljek iş duşuşyklary hyzmatdaşlygy giňeltmek, howa logistikasyny, durnukly ulag ulgamyny hem-de ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin giň mümkinçilik döreder. Bu hyzmatdaşlyklar täze ugurlaryň açylmagyna, ugurlar boýunça sazlaşykly hereketiň üpjün edilmegine we dünýä awiasiýasynyň öňdebaryjylarynyň arasynda berk gatnaşyklar gurulmagyna ýardam eder.

Bularyň ählisi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri bolan Bitaraplyk, dostluk we açyklyk syýasatynyň üstünlikli dowam etdirilişiniň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyz ýylsaýyn gündogar bilen günbataryň arasynda möhüm köpri, halkara gatnaşyklarda bolsa ygtybarly hyzmatdaş hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahat dünýä ykdysadyýetine ösüşe ymtylýan ýurtlaryň has giň gerimde goşulyşmagyny üpjün etmek maksadyny öňe sürýär. Strategiki ýerleşişi we ulag-tranzit mümkinçilikleri bilen tanalýan Türkmenistan bu ugurda eýýäm uly goşant goşýar.

Häzirki zaman keşbini barha artdyrýan «Awazada», Hazaryň sahyl kenarynda täze hyzmatdaşlyklar, ösüşe gönükdirilen başlangyçlar dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda yglan ediler. Türkmenistanyň gözel künjeginde geçirilmeli bu halkara forum Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän içerki we daşary syýasatynyň netijesinde gülläp ösýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da beýgelmegine, dünýä bileleşiginde parahatçylygyň, ynanyşmagyň hem-de özara düşünişmegiň has-da berkemegine getirjek möhüm taryhy waka öwrüler.

Şeýle hem