Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň okuwlary ýola goýular

Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň aprelinde «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebine Halkara raýat awiasiýasy guramasy (ICAO) tarapyndan «Trainair Plus» maksatnamasy boýunça degişli güwänama berildi. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň hünärmenlerini taýýarlamak bilen çäklenmän, daşary ýurtlaryň hünärmenlerini hem taýýarlamaga we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen, mekdebiň halkara ülňülere laýyk gelýän okuw usulyýetini giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy ICAO tarapyndan bu mekdebiň binýadynda 2025-nji ýylyň dowamynda birnäçe ugurlar boýunça tapgyrlaýyn okuwlary ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Halkara raýat awiasiýasy guramasy bilen ýola goýlan gatnaşyklary berkitmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi hem-de «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda okuwlary ýola goýmak bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem