«Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ Aşgabatdan Moskwa amala aşyrylýan uçar gatnawlaryny 28-nji fewrala çenli togtatmagyny uzaldandygyny habar berdi.
Ozal, 28-nji dekabrda, awiakompaniýa Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli uçar gatnawlarynyň 30-njy dekabrdan 31-nji ýanwara çenli ýatyrylandygy barada habar beripdi.
Häzirki wagtda Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda S7 awiakompaniýasynyň göni uçar gatnawlary dowam edýär.