Türkmenistan döwletimiz halkara howa gatnawlary boýunça yzygyderli işleri amala aşyrýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän howa ulaglary we hyzmatlary netijesindе ““Türkmenistan” awiakompaniýasy AGPJ-niň işi has-da döwrebaplaşdyrylýar.
Ýakyn wagtlarda ““Türkmenistan” awiakompaniýasy” AGPJ ýanwar aýynda Aşgabat — Moskwa — Aşgabat gatnawlarynyň 2024-nji ýylyň 30-njy dekabryndan 2025-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli wagtlaýyn togtadylýandygyny habar berdi.
Degişli ugur boýunça uçuşy meýilleşdiren ýolagçylar sanly ulgam arkaly satyn alan petekleriniň tölegindäki pul serişdelerini yzyna gaýdyp alyp bilerler.
Moskwa-Aşgabat ugry boýunça awiapetekleri bolan ýolagçylary goşmaça ugur boýunça, ýagny, Moskwa-Stambul aralygynda başga bir awiakompaniýanyň kömegi bilen getirmek göz öňünde tutulýar. Uçuş Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäheriniň halkara howa menziliniň üstünden üstaşyr görnüşde amala aşyrylar. Stambula barýan ýoluň birinji bölüminde ýurdumyzyň hyzmatdaşy bolan awiakompaniýalaryň biri ýolagçylara hyzmat eder, soňra ýolagçylar Aşgabat şäherine göni ““Türkmenistan” awiakompaniýasy” AGPJ tarapyndan äkidiler.
““Türkmenistan” awiakompaniýasy” AGPJ-niň ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alyp barýan möhüm işleri Gahryman Arkadagymyzyň "Döwlet adam üçin!" diýen baş şygarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändiginiň beýik subutnamasy bolup durýar.