Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýe bolýar

Türkiýä saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» we 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edilmegi bilen bagly bilelikde geçirilmeli çäreler boýunça giňişleýin pikir alyşyldy.

Duşuşykda TÜRKSOÝ, ÝUNESKO we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň hem-de gadymy Änew şäheriniň medeni ähmiýetini wagyz etmäge aýratyn üns berildi.

Taraplar şeýle hem hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, türki dilli halklaryň baý medeni mirasyny gorap saklamagy, öwrenmegi we wagyz etmegi maksat edinýän Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy.

Türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen mümkin bolan ähli gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini beýan etdi.

Şeýle hem TÜRKSOÝ-yň edara binasynda guralan türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan kitaplaryň we suratlaryň sergisi bilen türkmen wekiliýetiniň agzalary ýakyndan tanyş boldular.


Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem