Türkmenistanyň awiasiýa pudagynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň durnukly ösüşini üpjün etmek, uçuşlaryň howpsuzlygyny we yzygiderliligini ýokarlandyrmak maksady bilen halkara talaplara laýyklykda degişli işler alnyp barylýar. Bu ugurda Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) standartlaryna esaslanýan çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýär.

Hasabatyň dowamynda awiasiýa pudagynda alnyp barylýan işleri ösdürmek, degişli ulgamlary kämilleşdirmek hem-de daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça taýýarlanan teklipler döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, milli awiasiýa ulgamynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri dowam etdirmek boýunça wise-premýere tabşyryklary berdi.

Şeýle hem