Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçirildi. Çäre Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde guraldy.
Mejlise GDA-nyň Baş sekretary, guramanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Bellenilişi ýaly, mundan öň Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň «Birleşen Milletler Guramasy bilen sebit we beýleki guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly gün tertibiniň bendi boýunça resmi resminamasy hökmünde ýaýradyldy. Resminama parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysadyýet, ulag arabaglanyşygyny ösdürmek, sanly özgertmeler, ekologik gün tertibi hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýaly ugurlary kesgitleýär.
Mejlisiň gün tertibine Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri, söwda we maýa goýum mümkinçilikleri, halkara daşamalarda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasy, ýokary tehnologiýaly pudaklarda senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň konsepsiýasy, şeýle hem maliýe we guramaçylyk meseleleri girizildi.
Dar düzümde geçirilen mejlisde gatnaşyjylar «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesinden bilelikde netijeli peýdalanmaga taýýardyklaryny tassykladylar, şeýle hem GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Giňişleýin düzümde bolsa gatnaşyjylar GDA giňişliginde hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny, Türkmenistanyň şu ýylky başlyklyk etmeginiň bolsa özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge gönükdirilendigini bellediler. Oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine üns çekildi.
GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew öz çykyşynda Ykdysady geňeşiň nobatdaky mejlisiniň türkmen topragynda geçirilmegine döredilen şertler we myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 35 ýyllygy bilen gutlady we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw edip, ony ýurduň ösüşinde we milli jebisligiň pugtalandyrylmagynda möhüm waka diýip atlandyrdy.
S.Lebedew Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň mynasyp derejede geçirilýändigini belledi we Awazada geçiriljek GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň hem däp bolşy ýaly ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine ynam bildirdi.
Mejlise gatnaşyjylar GDA döwletleriniň özara haryt dolanyşygyny ösdürmek boýunça tekliplere, Standartlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwletara geňeşiň 2023 — 2026-njy ýyllardaky işine, şeýle hem GDA-nyň obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça Hökümetara geňeşiniň işine seretdiler. Ynsanperwer hyzmatdaşlyk meselelerine — lukmançylyk biliminiň üznüksizligine, ýokanç keselleriň öňüni almaga, şypahana bejergisine we arhiw işine aýratyn üns berildi.
GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisiniň netijeleri boýunça strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi we olar tassyklanyldy. Duşuşyga gatnaşanlar forumyň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdiler. Mejlis tamamlanandan soň, onuň jemleri boýunça metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edildi.