Türkmenistan Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna taýýarlyk görýär

11-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna hem-de onuň çäklerinde gatnaşjak “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Bellenilişi ýaly, dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrylýar. Şolaryň arasynda Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk aýratyn bellenildi.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Häzirki wagta çenli iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkiden döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň 118-si baglaşyldy. Syýasy gatnaşyklar barada aýdylanda, iki ýurduň Prezidentleriniň saparlary we ýokary derejedäki duşuşyklary hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Bu babatda soňky ýyllaryň dowamynda döwlet Baştutanlarynyň derejesinde 5 sany döwlet, resmi we iş saparlarynyň amala aşyrylandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň noýabrynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran sapary türkmen-koreý gatnaşyklaryna täze mazmun beren möhüm waka boldy. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ýurt Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde öňe sürýän tekliplerini, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem ösdürilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda maýa goýum taslamalarynyň 17-si hasaba alyndy. Bu babatda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilen iri taslamalary, şol sanda “Galkynyş” gaz käninde kükürt arassalaýan toplumy, Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny we beýleki taslamalary görkezmek bolar. Häzirki wagtda-da öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda birnäçe taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen-koreý gatnaşyklaryny ulgamlaýyn esasda utgaşdyrmak, olary yzygiderli esasda giňeltmek maksady bilen, 2008-nji ýylda Söwda, ykdysady, ylym we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý topary döredildi. Şu günki güne çenli bu toparyň 9 mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda ylym, bilim, medeniýet, durmuş, ynsanperwer ugurlar boýunça köp ýyllaryň dowamynda gatnaşyklar alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrjak döwletara, hökümetara we pudagara ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Bu resminamalar ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, himiýa senagaty, infrastruktura, senagat gurluşygy, daşky gurşaw, suw hojalygy, ylym we bilim ýaly ugurlary öz içine alar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar sebit derejesindäki köptaraplaýyn formatlaryň, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýar. Bu forum 2007-nji ýylda koreý tarapynyň başlangyjy bilen iki sebitiň arasynda ynamy berkitmek we hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça hereket etjek köptaraplaýyn konsultatiw meýdança hökmünde döredildi. 2024-nji ýyla çenli forumyň işi daşary işler ministrleri derejesindäki mejlisler görnüşinde alnyp baryldy. 2023-nji ýylda Türkmenistan bu forumda başlyklyk etdi. Aşgabatda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmagy köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýene-de bir möhüm ädim bolar.

Wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň bu ýurda döwlet saparyna, şeýle-de “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” sammitine taýýarlyk görülýändigini aýtdy we bu saparyň netijeleriniň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaş döwletleriniň biridigini, iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasyna boljak döwlet saparyna, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” sammitine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem