Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 11-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisiň iş toparlarynda birnäçe möhüm kanun taslamalary taýýarlanylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Şolaryň hatarynda “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy hakynda” hem-de “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary bar. Şeýle hem “Kärende hakynda”, “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda”, “Neşirýat işi hakynda” we “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilýän işler barada hem habar berdi. Mundan başga-da, milli parlamentiň wekilleriniň kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak maksady bilen Özbegistanyň Samarkant şäherinde we Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde iş saparlarynda bolandyklary bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hukuk binýadyny pugtalandyrmak, döwlet kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak we kanunçylyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.

Şeýle hem