Türkmenistan halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýär

Aşgabatda 11-nji sentýabrda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisinde ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara ulag geçelgelerini netijeli ulanmak we ulag howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly meseleler esasy ugurlaryň biri boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň çäklerinde geçirilen duşuşykda Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň wekilleri ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň hem-de ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisde halkara gatnawlarda daşamalar amala aşyrylanda ulag howpsuzlygyny üpjün etmek strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň sebitleriň ykdysady ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýedigini belläp, bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Duşuşykda döwletleriň arasynda ulag düzümlerini sazlaşdyrmak, halkara ulag geçelgeleriniň işjeňligini ýokarlandyrmak, hususan-da, Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini netijeli ulanmak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek babatda pikir alşyldy.

Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki başlyklyk Konsepsiýasynda ykdysady ugurda ulag arabaglanyşygyny ösdürmek aýratyn orun eýeleýär. Bu ugurda Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgelerini ösdürmek, döwrebap ulag infrastrukturasyny döretmek hem-de döwletleriň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezilýär.

Mejlisde Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçilikleriniň hem ähmiýeti bellenildi. Ýurdumyz Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek strategiýasynyň çäklerinde täze awtomobil we demir ýol ugurlaryny ösdürýär. Bu işler GDA ýurtlaryny Hytaý, Ýakyn Gündogar we Ýewropa döwletleri bilen baglanyşdyrýan halkara ulag ulgamlarynyň kämilleşdirilmegine ýardam berýär.

Şeýle hem duşuşykda Arkalaşygyň ýurtlarynyň howa hereketini guramagyň milli ulgamlaryny sazlaşdyrmak meselelerine üns berildi. Ulag ulgamynda sanly tehnologiýalary ulanmak, howpsuz we netijeli gatnawlary üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygyň möhümdigi nygtaldy.

Şeýle hem