Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawy hem-de parasatly baştutanlyk etmeginde döwletimiziň esasyny, jemgyýetimiziň jebisligini pugtalandyrmakda gazanylýan üstünlikler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmeginiň ygtybarly kepiline öwrülýär. Häzirki döwürde öňdebaryjy dünýä tejribesine, ylma, bilime we iň täze tehnologiýalara daýanmak ýörelgesi ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolan howa ulagy ulgamynda hem ileri tutulýan maksatlaryň hatarynda durýar.
Howa ulagy ulgamynda edilýän hyzmatlaryň hilini ýokary derejede saklamak, ýolagçylaryň, daşalýan ýükleriň, howa ulagynyň infrastrukturasynyň desgalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, ulgamyň işgärleriniň hünär kämilligini ýokarlandyrmak ösüşleri gazanmagyň möhüm görkezijileri bolup durýar. Geçirilýän işler Türkmenistanyň kanunçylygyna we Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça kadalaryna, tejribelerine we iş amallaryna laýyklykda, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şular bilen baglylykda, häzirki döwürde «Türkmenhowaýollary» agentligi işiniň döwrüň talaplaryna laýyklykda guramakda, işgärleriň hünär kämilligini ýokarlandyrmakda halkara giňişligindäki möhüm işlere işjeň gatnaşýar.
Muňa 2024-nji ýylyň 8 – 12-nji iýulynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň binýadynda geçirilmegi meýilleşdirilýän hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary aýdyň subutnama bolup durýar. Bu nazaryýet we usuly okuwlary Raýat awiasiýasynyň Ýewropa konferensiýasy (ECAC) tarapyndan «Awiasiýa howpsuzlygy boýunça Milli gözegçi» okuw maksatnamasy esasynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň, onuň garamagyndaky halkara howa menzilleriniň, şeýle hem sebitde gyzyklanma bildirýän taraplaryň, ýagny Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň hünärmenleri gatnaşarlar.
Bu okuwlaryň geçirilmegi «Türkmenhowaýollary» agentliginiň, onuň garamagyndaky halkara howa menzilleriniň, şol sanda awiasiýa howpsuzlygy boýunça daşary ýurtlaryň hünärmenlerini taýýarlamak we bu ugurda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiň halkara ülňülerine laýyk gelýän okuw usulyýetini giňeltmäge niýetlenendir.