«Türkmenhowaýollary» agentligi Jidda şäherine ýolagçy gatnawyny artdyrýar

«Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan häzirki wagtda reje boýunça ýerine ýetirilýän ýolagçy halkara gatnawlaryna islegler yzygiderli artýar. Müşderileriň isleginiň artýandygyny nazara alyp, amala aşyrylýan halkara gatnawlaryň uçuş geografiýasyny giňeltmek we üstaşyr ýolagçy akymyny artdyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň awgust aýyndan başlap, Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherine hepdede 2 gezek yzygiderli ýolagçy gatnawynyň ýola goýulmagy meýilleşdirilýär. Gatnawlar hepdäniň çarşenbe we anna günleri ýerine ýetiriler.

Şeýle hem