Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aşgabat – Milan göni howa gatnawynyň ähmiýetini belledi

Italiýa Respublikasynyň 78 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen resmi kabul edişlikde Italiýanyň ilçisi Luiji Ferrari öz eden çykyşynda, Italiýanyň birnäçe uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak we italýan dilini Türkmenistanda ýaýratmak üçin, türkmen uniwersitetleri bilen şertnamalar baglaşýandygyny aýtdy.

Ilçi Italiýanyň iki professoryny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine ýerli italýan dili mugallymlaryna kömek etmek we okuw enjamlary bilen üpjün etmek maksady bilen iberendigini aýtdy.

Italiýanyň Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi çykyşyny dowam edip, 2024-nji ýylyň 6-njy martynda Milan bilen Aşgabadyň arasynda ilkinji ýolagçy gatnawlarynyň açylmagy bilen Italiýa we Türkmenistan has ýakynlaşdy. Göni howa aragatnaşygy, medeniýet, syýahatçylyk we işewürlik ýaly köp ugurda halklarymyzyň arasyndaky täsiriň artmagyna uly goşant boldy” – diýip, ilçi belledi.

Çykyşynyň dowamynda diplomat Türkmenistany şu ýyl geçirilýän Magtymguly Pyragynyň  doglan gününiň 300 ýyllygy bilen gutlady. Şeýle hem 2024-nji ýylda Aşgabatda Italiýanyň ilçihanasynyň açylmagynyň 10 ýyllygy bellenilip geçilýär we bu waka mynasybetli italýan aýdym-sazynyň konsertini geçirmegi meýilleşdirilýär diýip, Luiji Ferrari nygtady.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň we Italiýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy we 9-njy iýunda bu gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 32 ýyllygyny belleniler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem