«Türkmenistan» awiakompaniýasy Kazana uzaýan gatnawyny çäklendirip, Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugruna gatnawy ýola goýdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugry boýunça gatnawlaryň 2024-nji ýylyň 2-nji iýunyndan başlap ýatyrylýandygyny habar berýär.

Şeýlelikde, Russiýa Federasiýasyna uçuşlar Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugurlary boýunça amala aşyrylar.

Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugry boýunça alnan awiapetekleriňizi Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugruna ulanyp biljekdiňiz ýatladylýar.

2024-nji ýylyň 2-nji iýunyndan 17-nji iýun aralygynda Aşgabat – Kazan ugry boýunça awiapetekleri bolan ýolagçylar üçin Moskwa şäherinden Kazan howa menziline çenli mugt we rahat awtoulag bilen üpjün ediler. Şeýle hem, Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetegi bolan ýolagçylar üçin Kazan howa menzilinden Moskwa şäheriniň howa menziline çenli mugt we rahat awtoulag bilen üpjün ediler.

Awiakompaniýa ýolaçylaryň uçuşa hasaba alynýan wagtyndan (petekde görkezilen wagtdan) 3 sagat öň Kazan howa menzilene gelmegini haýyş edýär. Awiapetekleriň ählisi hereket edýär.

Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugurlaryna awiapetekleri alan ýolagçylara:

1.Awiabiledi täzeden resmileşdirmek:

Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugry boýunça resmileşdirilen awiapetekler, ýolagçynyň islegleri bilen, Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça tölegsiz täzeden ýazylyp beriler. Awiabiletleri kassalarda täzeden resmileşdirilmeginiň zerurlygy ýokdur. Ýolagçylar awiapetekde görkezilen senä we wagta görä Aşgabat we Moskwa şäherlerindäki halkara howa menzillerine uçuşa hasaba alynýan wagtynda gelmelidirler.

Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugry boýunça resmileşdirilen awiapetekler, ýolagçynyň islegleri bilen, Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça tölegsiz başga senä geçirip bilýändigiňiz barada habar berilýär.

2. Pul serişdeleriň yzyna gaýtarylmagy:

Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugry boýunça ýerine ýetiriljek gatnawlara awiapetegi üýtgetmek islemeýän ýolagçylar üçin, awiakompaniýanyň häzirki hereket edýän düzgünlerine we görkezmelerine laýyklykda tutumsyz doly yzyna gaýtarylar. Pul serişdeleriniň yzyna gaýtarylmagy diňe awiapetegiň satyn alnan ýurdunda gaýtarylýar.

Habarlaşmak üçin awiakompaniýanyň Russiýa Federasiýasynda ýerleşýän  wekiliniň maglumat üçin telefon belgisi.

+8-812-459-98-99

Moskwa:+79032432250

+79151098502

Kazan : +78435005531

Sankt-Peterburg: +78124599899

Galyberse-de, «turkmenistanairlines.tm» saýtynda görkezilen telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz:

Aşgabat: +99312230318,

+99312230315,

37-84-52, 37-84-32

Elektron salgy: info@turkmenistanairlines.tm

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti oňaýsyzlyk üçin ötünç soraýar we dogry düşünendikleri üçin ýolagçylara sagbolsun aýdýar.

Şeýle hem