«Türkmenhowaýollary» agentligi «Cargolux» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

 Ýakynda Lýuksemburg Beýik Gersoglygynyň «Cargolux» kompaniýasynyň wise-prezidenti Maksim Ştraus bilen  «Türkmenhowaýollary» agentliginin arasynda duşuşyk geçirildi.

     Duşuşygyň dowamynda «Cargolux» kompaniýasy tarapyndan «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça pikir alşyldy. Şeýle-de agentlik üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak maksady bilen, «Cargolux» kompaniýasynyň ýöriteleşdirilen okuw merkezlerinde ýörite okuwlary guramaklyk teklip edildi.

     Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda «Cargolux» kompaniýasy ýerine ýetirýän gatnawlarynyň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýändigini, şunda türkmen tarapy bilen degişli ugurda zerur çäreleri görmäge taýýardygyny mälim etdi.

         Dünýäniň iri kompaniýalary bilen şeýle gepleşikleriň geçirilmegi Türkmenistanda raýat awiasiýasyny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça degişli işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Şeýle hem