Her ýyl tomus möwsüminiň gelmegi bilen, howa menzillerinde uçarlaryň gatnawlary yzygiderli artdyrylýar. Şu ýyl hem tomusky dynç alşy netijeli guramak maksady bilen, «Türkmenhowaýollary» agentligi ähli halkara howa menzilleriniň ýerüsti tehnikalary, zerur bolan awtoulaglar bilen doly derejede üpjünçiligi, uçuş-gonuş zolagynyň yşyklandyryş, habar beriş ulgamlary boýunça synag-barlaglary, howa hereketini dolandyrmak, şeýle-de ýolagçylara ýokary hilli, medeniýetli hyzmat etmek boýunça şahsy düzümi bilen taýýarlyk işlerini geçirdi.
Şunuň bilen birlikde, raýatlarymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümleriniň başlanmagy bilen, «Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýolagçylaryň artýan isleglerini kanagatlandyrmak üçin, Mary – Türkmenbaşy – Mary, Türkmenabat – Türkmenbaşy – Türkmenabat ugry boýunça goşmaça gatnawlar ýola goýuldy, Aşgabat – Türkmenbaşy – Aşgabat ugry boýunça hem ýerine ýetirilýän gatnawlaryň sany hepdede 16 gatnawa çenli artdyryldy.