«Türkmenhowaýollary» Saud Arabystany Patyşalygyna haj parzyna barýan ildeşlerimiz üçin 10 sany ýörite gatnawy ýola goýýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-njy iýuny — 9-njy iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin, 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, agentlik tarapyndan zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin 10 sany ýörite gatnawlar ýola goýular.

Haj möwsüminde ildeşlerimiziň haj parzyny berjaý etmekleri üçin, «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan zerur bolan ähli guramaçylykly işleriň ýerine ýetirljekdigi barada Size habar berýäris.

Şeýle hem