Uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň iň
ýakyn hyzmatdaşlarynyň birine öwrülen Belarus Respublikasynyň «Belawiýa»
awiakompaniýasy iki döwletiň arasynda ýolagçy gatnawlarynyň ýygylygyny has
artdyrmak maksady bilen, goşmaça gatnawlary ýola goýar. Bu barada "Türkmenhowaýollary" agentligine Belarus awiakompaniýasy tarapyndan gelen resmi hatda görkezilýär.
Awiakompaniýanyň habar bermegine görä, şu ýylyň 12-nji awgustyndan 2-nji sentýabryna çenli aralykda Minsk ― Türkmenbaşy aralygyndaky ýolagçy gatnawlaryny hepdede iki gezege çykarylar. Şol günlerde bu iki şäheri birleşdirjek howa gatnawlary her hepdäniň duşenbe we sişenbe günlerinde amala aşyrylar. Has takygy, Belarus Respublikasynyň paýtagtyndan ýerli wagt bilen 19:40-da göge göterilen uçar Türkmenistanyň deňiz ýakasyndaky şäherine gije sagat 01:50-de gonar. Göni bir sagatdan ― 02:50-de Türkmenbaşy şäherinden ýola düşjek uçar Minsk şäherine daňdan sagat 05:10-da dolanyp barar. Ýokardaky sagatlaryň ählisi uçaryň uçýan we gonýan şäherleriniň ýerli wagty bilen görkezilendir.