Belavia» Türkmenistana ýene bir göni awiagatnawyny açýar

Belarus Respublikasynyň «Belavia» döwlet awiakompaniýasy 12-nji awgust — 2-nji sentýabr aralygynda diňe sişenbe günleri däl, eýsem, duşenbe günleri hem Türkmenistana awiagatnawy amala aşyrar.

Täze uçuş tertibi:

Minskden ugraýan wagty — 19:40, Türkmenbaşy şäherine gelip düşýän wagty — 1:50.

Türkmenbaşydan ýola düşýän wagty — 2:50, Minske barýan wagty — 5:10.

Uçuşlaryň tertibiniň ýerli wagt bilen görkezilýändigini unutmaň!

Ýol petekleriniň nyrhy we beýleki degişli maglumatlar üçin Belavia.by web saýtyna girip bilersiňiz!

Çeşme :Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Şeýle hem