Russiýanyň «Аэрофлот» döwlet-hususy awiakompaniýasy gapdal ýolagçy oturgyjynda haýwanlary gatnatmak hyzmatyny ýola goýdy.
Ýolagça gapdaldaky oturgyçda içi haýwanly ýa-da guşly bir konteýneri ýany bilen alyp gitmek rugsat berilýär. Goşmaça ýer üçin töleg uly ýaşly ýolagçy üçin ulanylýan nyrh boýunça hasaplanylýar. Içi haýwanly konteýneriň agramy 15 kg-den, gaty konteýneriň ölçegleri 50×30х30 sm-den, ýarym gaty konteýneriňki bolsa 50×32х30 sm-den geçmeli däl.
Awiakompaniýanyň habar bermegine görä, uçuşyň dowamynda haýwanlar howpsuzlyk kadalaryna laýyklykda saklanylmagy, konteýneri diňe illýuminatoryň ýanyndaky oturgyçda ýerleşdirmäge rugsat berilýär. Şeýle hem, konteýneri howpsuzlyk kemeri bilen berkitmek üçin onuň ýörite tutawajy bolmaly.
Bu hyzmat «Аэрофлот» kompaniýasynyň öz uçuş ugurlarynda şeýle hem Russiýa awiakompaniýasynyň SU kody bilen amala aşyrylýan uçuş ugurlarynda hemişelik esasda elýeterli bolar.
Haýwanlaryň we guşlaryň eýeleriniň arasynda geçirilen sowalnama bu hyzmata islegiň ulydygyny görkezdi. Häzrki wagtda çenli jemi 900-den gowrak haýwanlaryň we guşlaryň eýeleri bu hyzmatdan peýdalandy.
Çeşme: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi