Soňky döwürde ýurdumyzda ýerli we halkara uçar gatnawlarynyň ýygylygy yzygiderli artýar, şol sanda dürli ýurtlara täze gatnaw ugurlary hem açylýar.
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň çar ýana ýaýraýan uçuşlary ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen özara gatnaşyklary pugtalandyryp, dost-doganlygy, hoşniýetli hyzmatdaşlygy ilerledýändiginiň güwäsine öwrülýär. Täze taryhy döwürde «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasyna» laýyklykda, raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da kämilleşdirmek, düzümini täze uçarlar bilen artdyrmak, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda täze howa menzillerini gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Howa ulagy arkaly halkara gatnawlary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden, hususan-da, «Boeing» kompaniýasyndan uçarlar satyn alynýar. Döwrebap we iň häzirki zaman gazanylanlaryna esaslanýan uçarlar arkaly amala aşyrylýan uçuşlarda ýolagçylaryň rahatlygy we howpsuzlygy üçin ähli şertler döredilýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde raýatlarymyz dünýäniň dürli ýurtlaryna okuw we syýahatçylyk maksady bilen, uçuşlary amala aşyrýarlar. «Türkmenistan» awiakompaniýasy raýatlaryň gitmäge isleg bildirýän ýurtlary üçin gatnawlaryň sanyny yzygiderli artdyrýar. Şonuň bilen baglylyk, häzirki döwürde hereket edýän Aşgabat – Kazan – Aşgabat halkara ugry boýunça ýolagçy gatnawlarynyň sany artdyryldy.
Ýola goýlan şeýle işler üçin ildeşlerimiziň – ýolagçylaryň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklarynyň we alkyş sözleriniň çägi ýok, olar munuň üçin milli Liderimize we döwlet Baştutanymyza köp sag bolsun aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, uly döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärler.