10-njy noýabrda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekilleri bilen Sanly hyzmatdaşlyk guramasynyň (DCO) wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mundan beýläkki ädimlerini, ýagny bilelikdäki iş toparyny döretmek, maýa goýumlaryny çekmek, startaplary goldamak we «Merkezi Aziýa - Ýewropa» sanly geçelgesini ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça türkmen tarapy Sanly hyzmatdaşlyk guramasyny «Türkmentel-2026» sergisine gatnaşmaga çagyrdy. Öz gezeginde, Sanly hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilleri türkmen tarapyna 2027-nji ýylyň mart aýynda Yslamabatda geçiriljek Sanly hyzmatdaşlyk guramasynyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine resmi çakylyk ibermegi meýilleşdirýändiklerini habar berdiler.
Sanly hyzmatdaşlyk guramasy 2020-nji ýylyň noýabr aýynda döredildi. Ol merkezi Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde ýerleşýän halkara köptaraplaýyn guramadyr. DCO-nyň ýokary dolandyryş edarasy Ministrler Geňeşi bolup, onuň düzümine agza döwletleriň aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary boýunça jogapkär ministrlikleriniň wekilleri girýär. Gurama Baş sekretar Dima Al-Ýahýa ýolbaşçylyk edýär.
Sanly hyzmatdaşlyk guramasynyň işi ählumumy sanly abadançylygy üpjün etmäge, sanly deňsizligi azaltmaga we inklýuziw sanly ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrmaga gönükdirilendir. Gurama ýaşlaryň, zenanlaryň we telekeçileriň mümkinçiliklerini giňeltmäge, serhetüsti maglumat alyş-çalşygyny ösdürmäge hem-de kiberhowpsuzlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berýär.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi