XIII Türkmen-german saglygy goraýyş forumy halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly 12-nji noýabrda XIII Türkmen-german saglygy goraýyş forumy öz işine başlady. Iki günlük duşuşyga Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary, professor-lukmanlary hem-de dürli ugurlaryň hünärmenleri gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Forum Türkmenistanyň “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyndan” ugur alyp geçirilýär. Duşuşygyň dowamynda pediatriýa, rewmatologiýa, dikeldiş bejergisi, urologiýa, neýrohirurgiýa, onkologiýa, endokrinologiýa we newrologiýa ugurlarynda häzirki zaman anyklaýyş usullary, täze bejeriş tehnologiýalary, lukmançylyk bilimini ösdürmek hem-de emeli aň esasly innowasion çözgütleri ulanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

Türkmen tarapyndan Halkara saglyk merkezleriniň düzümindäki ýöriteleşdirilen merkezleriň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri, Germaniýadan bolsa iri klinikalaryň professor-lukmanlary wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşýarlar.

Forumyň açylyşynda Mýunhen şäheriniň Groshadern uniwersitet hassahanasynyň professory Klaus Parhofer türkmen tarapyna netijeli hyzmatdaşlyk üçin döredilen mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirdi. Germaniýaly hünärmenler häzirki zaman lukmançylygynyň dürli ugurlary boýunça çykyş edip, tejribe alyşmaga işjeň gatnaşýarlar.

Türkmen-german saglygy goraýyş forumy 2011-nji ýyldan bäri geçirilip gelýär. Şu güne çenli geçirilen duşuşyklar iki ýurduň lukmançylyk ulgamynyň arasynda ylmy-amaly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, täze tejribeleri öwrenmäge we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berdi.

XIII Türkmen-german forumynda hem ilatyň saglygyny goramak, öňüni alyş lukmançylygy, ýokary tehnologiýaly bejeriş usullary we innowasion lukmançylyk çözgütleri boýunça netijeli pikir alyşmalar dowam etdirilýär.

Şeýle hem