11-nji noýabrda Antalýada BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary syýasy we beýleki ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda ýokary döwlet derejesindäki syýasy dialogyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Taraplar 2027-nji ýylda iň ýokary we ýokary derejedäki saparlary guramak mümkinçiliklerine garadylar.
Ministrler Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygyny bellediler. Şeýle hem iki ýurduň hem agza bolup durýan beýleki köptaraplaýyn formatlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi