Türkmenistan Hazar deňziniň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara taslama gatnaşar

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, deňiz gurşawyna düşýän täsirleri azaltmak, hapalanmalara gözegçiligi güýçlendirmek hem-de sebitde biologik dürlüligi gorap saklamak boýunça täze halkara taslamany durmuşa geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

«Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak: hapalanmalara gözegçilik etmek we biodürlüligi gorap saklamagy meýilleşdirmek boýunça mümkinçilikleri ýokarlandyrmak» atly taslama 2026–2030-njy ýyllar aralygynda Türkmenistan, Azerbaýjan we Gazagystan tarapyndan bilelikde amala aşyrylar. Taslama Global Ekologik Gaznanyň (GEF) we Bütindünýä bankynyň maliýe goldawy bilen durmuşa geçirilip, onuň umumy býujeti 11,7 million ABŞ dollaryna deňdir.

Taslamanyň ýerine ýetirilmegine Bütindünýä banky bilen bir hatarda BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) we BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça edarasy (UNOPS) gatnaşar. Bu halkara hyzmatdaşlyk Hazar sebitiniň ekologik meselelerini toplumlaýyn çözmäge, ylmy gözegçilik we dolandyryş mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilendir.

Taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Hazar deňziniň ekologiýa gözegçilik gullugyna hem-de Hazar döwlet tebigy goraghanasyna tehniki we ylmy goldaw bermek meýilleşdirilýär. Deňiz suwunyň, howanyň we deňiz düýbüniň çökündileriniň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmek üçin döwrebap enjamlar satyn alnyp, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlar geçiriler.

Mundan başga-da, Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň düzüminde meýdany takmynan 80 müň gektara barabar bolan «Garabogaz» täze çäkli goraghanasyny döretmek hem-de onuň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek üçin toplumlaýyn meýilnama taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Täze taslamanyň möhüm ugurlarynyň biri Hazar deňziniň biodürlüligini gorap saklamakdan ybarat bolup, ol sebitde ýaşaýan we göçüp geçýän seýrek haýwanlaryň hem-de guşlaryň tebigy ýaşaýyş ýerlerini goramaga gönükdirilendir. Hususan-da, ýitip gitmek howpy astyndaky düwlenleriň, bekre balyklarynyň we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen guş görnüşleriniň ýaşaýan, iýmitlenýän we gyşlaýan ýerleriniň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreler amala aşyrylar.

Halkara taslamanyň durmuşa geçirilmegi Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak, ekologik gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmy maglumat alyşygyny giňeltmek hem-de sebit döwletleriniň daşky gurşawy goramak ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda möhüm ädim bolar.

Şeýle hem