Aşgabat Halkara howa menzilinden dünýä şäherleriniň ýene
birine ― Italiýanyň Milan şäherine göni uçar gatnawy ýola goýuldy. Mundan
beýläk Aşgabatdan Italiýanyň bu gadymy we döwrebap şäherine göni howa gatnawy
bilen baryp bilersiňiz. Bu uçuş siziň üçin Ýewropanyň iň owadan we döwrebap
şäherleriniň birine baryp görmek üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgada öwrüler.
Milan diňe bir döwrebap taslamalaryň we geýim
industriýasynyň merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, baý medeniýeti hem bolan
şäherdir. Bu ajaýyp şäherde size meşhur Duomo ybadathanasyna baryp görmek,
Brera muzeýindäki çeperçilik sungatynyň naýbaşy eserlerini synlamak, La Skala
opera binasyny görmek ýaly täsinlikleriň ençemesi garaşýar.
Ykdysadyýeti we döwrebaplygy bilen öňe saýlanýan
şäherleriň biri bolan Milan Ýewropanyň megaşäherleriniň içinde ösüşi iň okgunly
merkezleriň hatarynda. Şonuň üçin hemmeleri bu ajaýyp şähere syýahat etmäge
çagyrýarys. Öýňüzde oturan ýeriňizden bilet alyp, Ýewropanyň iň owadan şäherine
syýahat ediň!
Şu arzuwlaryňyzyň ählisini amal etmek üçin «Türkmenistan»
awiakompaniýasy size hepdede iki gezek Aşgabat ― Milan ― Aşgabat ugry boýunça
ýokary derejeli we elýeter bahaly göni uçuşlary hödürleýär. Bu ugur boýunça
biletleri onlaýn görnüşde-de, kassalardan hem satyn alyp bilersiňiz. Size
ýakymly pursatlary bagyşlajak Milan şäherine gezelenç etmek mümkinçiligini
deňiňizden geçirmäň!