Şu ýyl Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat edip biljek täze Halkara howa menziliniň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda desganyň gurluşygynda dürli hünärli hünärmenleriň 600-den gowragy zähmet çekýär.
Elektrik bekediniň, ýörite suw howdanynyň we ýangyn söndüriş hyzmatlary üçin jaýlaryň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Dispetçer hyzmatynyň işgärleri, tehniki bölümler üçin niýetlenen otaglaryň, ýörite 35 metrlik diňiň zerur enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy üçin işler ýerine ýetirilýär.
Howa meniziliniň uçarlaryň ähli görnüşlerini kabul etmegine garaşylýar. Geljekde Jebeldäki täze ulag-logistika merkezi diňe bir Balkan sebitiniň däl, eýsem, tutuş Türkmenistanyň ösüşine-de möhüm täsir eder.
Çeşme: «Türkmenistan: Altyn asyr»