Eýranda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Bilelikdäki söwda zolagyny döretmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Awgust aýynyň ahyrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Hanyň we Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçisiniň Gülistan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Olaryň dowamynda degişli başlangyjyň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda Bilelikdäki söwda zolagyny döretmegiň söwda alyş-çalyşyny giňeltmek, üstaşyr gatnawlary artdyrmak, maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek we sebitara özara baglanyşygy pugtalandyrmak arkaly YHG sebitiniň ösüşine möhüm goşant goşup biljekdigi bellenildi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han bilelikdäki söwda zolagyny döretmek baradaky başlangyjyň Guramanyň agza döwletleriniň beýleki serhetýaka sebitleri üçin hem nusga bolup biljekdigini belledi. Şeýle hem bu başlangyjyň durmuşa geçirilmeginiň sebitara özara baglanyşygy pugtalandyrmak, sebit içindäki söwdany giňeltmek we ykdysady integrasiýany ösdürmek boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maksatlaryna laýyk gelýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň bu ugurdaky başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, serhetýaka gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berýär.

Şeýle hem