Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

28-nji awgustda Abu-Dabi şäherinde geçirilýän Abu-Dabi halkara awçylyk we atçylyk sergisiniň (ADIHEX) çäklerinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Baýram Baýramow Birleşen Arap Emirlikleriniň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory Mohammed Ahmed Al Harbi bilen duşuşdy.

Taraplar atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň tarapy Jemgyýetiň wekiliýetiniň 2026-njy ýylyň 5-7-nji awgustynda Türkmenistana amala aşyran saparyna hem-de geçirilen duşuşyklaryň häsiýetine ýokary baha berdi. Mohammed Al Harbi «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşynyň, şeýle hem Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň şertleriniň we mümkinçilikleriniň özlerinde aýratyn täsir galdyrandygyny aýtdy.

Ilçi 2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki «Peelbergen» atçylyk merkezinde ilkinji gezek geçiriljek ahalteke atlarynyň çempionaty barada maglumat berdi. Çäre halkara jemgyýetçiligine niýetlenen bolup, ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmaga gönükdirilendigi mälim edildi.

Şeýle hem