Türkmenistan bilen Katar diplomatik institutlarynyň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

30-njy awgustda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi M.Seýitmämmedow Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik institutynyň direktory doktor Abdulaziz Al-Horr bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar iki ýurduň diplomatik okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda ilçi Katar tarapyny Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilendigi bilen tanyşdyrdy, şeýle-de ýurtda Döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýän ýokary derejeli çäreler barada gürrüň berdi.

Duşuşykda Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik instituty bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem garaldy.

 

Şeýle hem