Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek we medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işler giň gerimde dowam edýär. Özbegistanyň Andijan şäheriniň 2026-njy ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, bu ýerde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň Ýazyjylar birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň möhüm duşuşygy geçirildi. Çäre TÜRKSOÝ, Özbegistanyň Medeniýet ministrligi, Ýazyjylar birleşigi we Andijan welaýat häkimligi tarapyndan bilelikde guraldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Andijan welaýat häkimliginiň binasynda geçirilen gepleşikleri Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary Minhojiddin Mirzo alyp bardy. Duşuşyga TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekili Akmyrat Rejebow, şeýle hem Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň Ýazyjylar birleşikleriniň ýolbaşçylary hem-de tanymal ýazyjy-şahyrlar gatnaşdylar.
Maslahatlaşmalaryň dowamynda türki dünýäsiniň umumy sanly edebiýat platformasyny, elektron kitaphanasyny we ýazyjylar baradaky maglumat binýadyny döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem edebi mirasy dünýä dillerine terjime etmek, halkara kitap ýarmarkalaryna we edebiýat festiwallaryna bilelikde gatnaşmak, TÜRKSOÝ Ýazyjylar birleşiginiň 2027-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça uly meýilnamalar öňe sürüldi.
Çäreleriň çäklerinde Andijan döwlet lukmançylyk institutynda TÜRKSOÝ tarapyndan «2026-njy ýyl – Ziýa Gökalp ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli meşhur türk şahyrynyň edebi mirasyna bagyşlanan maslahat hem geçirildi. Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylara Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň Minnetdarlyk hatlary dabaraly gowşuryldy. Gatnaşyjylar «Edebi dostluk – ebedi dostluk» diýen ýörelge astynda döredijilik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny bildirdiler.