«Türkmenistan»
awiakompaniýasy Milan (Italiýa), Kuala-Lumpur (Malaýziýa), Jidda (Saud
Arabystany) we Hoşimin (Wýetnam) şäherlerine halkara howa gatnawlaryny ýola
goýýar.
Häzirki wagtda
Aşgabadyň Halkara howa menzilinden amala aşyryljak Kuala-Lumpur, Jidda, Hoşimin
we Milan şäherlerine gidiş we gaýdyş biletleriniň onlaýn satuwy başlanyldy.
Bu
ugurlar boýunça ilkinji uçuşlaryň 2024-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda amala
aşyrylmagy meýilleşdirilýär.
«Türkmenistan»
awiakompaniýasy aşakdaky tertipde gatnawlary amala aşyrar:
· Aşgabat
– Kuala-Lumpur — Aşgabat, hepdede iki gezek, sişenbe we penşenbe günleri,
uçuşlar 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndan başlanylar;
· Aşgabat
– Jidda — Aşgabat, hepdede üç gezek, sişenbe, çarşenbe we anna günleri, uçuşlar
2024-nji ýylyň 16-njy fewralyndan başlanylar;
· Aşgabat
– Milan — Aşgabat, hepdede 1 gezek, çarşenbe güni, uçuşlar 2024-nji ýylyň 6-njy
martyndan başlanylar;
· Aşgabat
– Hoşimin — Aşgabat, hepdede iki gezek, sişenbe we penşenbe günleri, uçuşlar
2024-nji ýylyň 7-nji martyndan başlanylar;
Şeýlelikde, bu ýyl
«Türkmenistan» awiakompaniýasy 12 ýurduň şäherlerine 14 sany halkara ugur
boýunça uçuşlary amala aşyrar.