Türkmenistanyň halkara howa menzilleriniň infrastrukturasynyň ösenligini göz öňünde tutup, dürli daşary ýurt awiakompaniýalarynyň giň göwrümli ýük howa gämileri yzygiderli täjirçilik we tehniki gonuşlaryny amala aşyrylýar. Şeýle ýük daşaýjy awiakompaniýasynyň arasyna "Challenge Airlines" – Lýež şäherinde ýerleşýän Belgiýanyň ýük awiakompaniýasydyr. Kompaniýa Ýewropada, Amerikada, Ýakyn Gündogarda we Afrikada ýük daşamakda ýöriteleşendir.
2023-nji ýylyň 8-nji awgustynda "Challenge Airlines" awiakompaniýasynyň “Boeing 747-400F” kysymly howa gämisi Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ilkinji gonuşy amala aşyrdy. Awiakompaniýa Ninbo (Hytaý) — Aşgabat we Aşgabat — Lýež (Belgiýa) ugurlarynda Aşgabadyň Halkara howa menzilinde gonup ýük gatnawlaryny amala aşyrýar.
Geografik we ykdysady nukdaýnazardan Aşgabadyň Halkara howa menzili üstaşyr we täjirçilik uçuşlary, şeýle hem ýangyç guýup geçmäge we Merkezi Aziýada iri ýük we logistika merkezi hökmünde peýdalanmaga tehniki gonuşlar üçin amatly ýerde ýerleşýär.