Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly ýakynda Hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligine 4 sany «Boeing 737-8» kysymly we 2 sany «Boeing 777-367/ER» kysymly howa gämisini satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň degişli kompaniýalary bilen üçtaraplaýyn şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu resminamalar «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle-de howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.
Häzirki zaman howa gämileriniň ulanyşa goýberilmegi halkymyzyň halkara howa gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga hem-de ýurdumyzyň howa gämileriniň gatnawlarynyň geografiýasyny giňeltmäge uly mümkinçilikleri berer. Halkara ülňülerine laýyk gelýän täze howa menzilleriniň toplumlarynyň gurulmagyna, täze howa gämileri yzygiderli satyn alynmagyna aýratyn ähmiýet berip, milli raýat awiasiýa pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge ýakyndan berýän goldawlary üçin, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.