31.03.2023 ý. Aşgabat:
tk ru en

2023-nji ýylyň 3-nji martynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi, özgezeginde Türkmenistanyň raýat awiasiýasyna uly goşant goşjak 123 sany ýokary derejeli awiasiýa hünärmenlerini okadyp taýýarlady. Olardan 2 uçurym örän gowy bahalar bilen gutardy (gyzyl diplom).

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň uçurymlary häzirki zaman tendensiýalaryna laýyk gelýär.

Okuwlar we taýýarlyklary aşakda görkezilen hünärler boýunça geçirildi:

  • Ýangyna garşy goragy guramak we tehnikasy - 20 hünärmen;
  • Awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek - 19 hünärmen;
  • Awiasiýa gatnawyny guramak - 20 hünärmen;
  • Howa ulaglarynyň hereketini dolandyrmak - 25 hünärmen. Olardan 4 hünärmen Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin okadyldy;
  • Ýerüsti ulag we tehnologiýa serişdeleri - 19 hünärmen;
  • Awtomatiki dolandyryş ulgamlary - 20 hünärmen.

 

Şeýle-de, okuwynyň netijeleri boýunça tapawutlanan 26 sany uçurymlar hormat haty bilen sylaglandy.