Ykdysady taýdan seredilende, Aşgabat, Türkmenbaşy, Mary, Daşoguz, Türkmenabat we Kerki halkara howa menzilleriniň hemme taraplaýyn tehniki enjamlary bilen enjamlaşdyrlan hem-de geografiki ýerleşişi daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçarlaryna tehniki gonuşlary amala aşyrmaga we ýokary derejede ýerüsti hyzmatlar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle-de, dünýädäki COVID-19 pandemiýasy bilen bagly häzirki kyn ýagdaýa garamazdan, daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçarlary Türkmenistanyň ähli halkara howa menzillerinde tehniki gonuşlary ýerine ýetirýärler we halkara talaplaryna laýyklykda ýerüsti hyzmatlary bilen üpjün edilýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman ulag we aragatnaşyk ulgamynyň emele gelmegi Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Örän amatly geografiki ýerleşişi bilen - Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebitleýin we sebitara aragatnaşyk ýollarynyň çatrygynda biziň ýurdumyz iň ýokary netijelilik bilen durmuşa geçirmäge çalyşýan ägirt uly tranzit potensialyna eýe.