22.05.2022 ý. Aşgabat:
tk ru en

2022-nji ýylyň 2-nji fewralynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Ulag ministrleriniň Geňeşiniň online arkaly 11-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Gurama agza ýurtlaryň ulag edaralarynyň ýolbaşçylary duşuşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisi Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hysraw Noziri açdy hemde bu guramanyň öňünde durýan wezipeler barada giňişleýin söz sözledi. Ol öz çykyşynda 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýokary derejede  guramaçylykly geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji Sammitinde gatnaşyjy-ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary YHG-nyň işi boýunça öz garaýyşlaryny beýan edendiklerini hem-de Guramanyň sebitleýin hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine oňyn täsirini ýetirýän özboluşly geoykdysady ähmiýetiniň bardygyny aýratyn belläp geçdi.

Soňra Mejlisde YHG-na agza döwletleriň Ulag ministrleriniň Geňeşiniň 11-nji mejlisiniň başlygy - Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismýloglu çykyş etdi. Öz çykyşynda ol mejlise gatnaşyjylary mähirli garşylady we YHG-niň işleriniň häzirki ýagdaýy barada maglumat berdi.YHG-niň agza döwletleriň YHG-niň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek we ösdürmek hem-de beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli gurallaryň biri bolup durýandygy barada belläp geçdi.

Olaryň içinde agza-ýurtlarda maýa goýum hereketleriniň işjeňleşdirilmegi, erkin söwda-ykdysady zolaklarynyň, täze ykdysady ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi, hereket edýän geçelgeleri we multimodal ugurlary işjeňleşdirmek boýunça meselelerde durulyp geçildi.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýol geçelgesini işjeňleşdirmek boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) we Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitiniň ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESCAP) utgaşdyrmaklarynda Gazagystan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Demirýol edaralarynyň arasynda YHG-nyň agza ýurtlarynyň Baştutanlarynyň Duşuşygynyň çäklerinde geçirilen Halkara Ykdysady Forumynda “Gazagystan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demirýol edaralarynyň arasynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran KTI demirýol geçelgesini işjeňleşdirmek boýunça özara düşünişmek hakynda” Ähtnama gol çekilendigi barada aýratyn durulyp geçildi. 

YHG-nyň maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň hatarynda ulag-aragatnaşyk pudagy durýar. 2014-nji ýylda işe girizilen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran (KTI) demirýoly, bu demirýol geçelgesiniň halkara ýük gatnawlaryndaky ähmiýeti, ulag infrastrukturalaryny we halkara multimodal geçelgelerini işjeňleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler şeýle hem, 2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistana bu abraýly halkara gurama başlyklyk etmekligiň berlen güni Gazagystan-Türkmenistan-Eýran (KTI) halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň Inçeburun-Akýaýla bekedinde giň koleýanyň sepleşdirilendigini taryhy waka hökmünde aýratyn bellärliklidir.

Şeýle hem bu mejlisiň çäklerinde YHG-niň agza döwletleriniň Ulag ministrleriniň çykyşlary hem-de abraýly halkara guramalary bolan UNECE, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasynyň, OTIF- Halkara demir ýol ulaglary üçin hökümetara guramasynyň,  IRU-Halkara awtoulag  birleşiginiň, YHG-niň Ösüş bankynyň ýolbaşçylary hem çykyş etdiler.

Mejlise gatnaşyjylar YHG-nyň Ulag Ministriniň  hasabatyna hem-de YHG-nyň Ulag Ministrleriniň 11-nji Mejlisiniň Ankara Beýannamasynyň sebitleýin taslamasy boýunça tekliplere seredip geçdiler.

Mejlisiň çäklerinde şeýle hem YHG-na agza döwletleriň Ulag Ministrleriniň Geňeşiniň 11-nji duşuşygynyň hasabaty kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Ankara Beýannamasy biragyzdan gollanyldy we kabul edildi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Ulag ministrleriniň Geňeşiniň 12-nji mejlisi 2023-nji ýylda Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde geçiriler.