"Türkmenhowaýollary" agentligi ilkinji gezek "Airbus A330-200" kysymly ýük uçary bilen doldurylar

Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda 2078 belgili “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli iki sany ýük howa gämisini satyn almak barada Karara gol çekdi.

Şunuň netijesinde, 2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda  «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen Fransiýa Respublikasynyň “Airbus S.A.S.” kompaniýasynyň arasynda wideoaragatnaşyk  arkaly geçirilen duşuşygyň dowamynda D.R. Saburow, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy, hem-de Pol Meýers, “Airbus S.A.S.” kompaniýasynyň Lizing, müşderi maliýeleşdirmek we aktiwler ugry boýunça ýolbaşçysy iki sany “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli ýük howa gämisini satyn almak barada Şertnama gol çekdiler.

Ýokary hilli “A330-200” kysymly «P2F» modifikasiýaly ýük howa gämileri 59 tonna çenli ýük daşap, 7400 kilometre çenli uzaklyga uçup bilýärler.

Şeýle hem