Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenhowaýollary agentliginiň Howpsuzlyk Geňeşinde Türkmenistanyň ähli gatnadyjylary tarapyndan üstaşyr uçuşlaryň ýerine ýetirilmeginde, şeýle-de Eýranyň howa menzillerine gonuşlaryň ýerine ýetirilmeginde Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişliginiň ulanylmagyny wagtlaýyn saklamak hakynda karar kabul edildi. Şol sebäpli, «Türkmenistan» Awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlarjemgyýeti tarapyndan 2020-nji ýylyň 10-nji ýanwaryndan Aşgabat - Abu-Dabi - Aşgabat ugry we 2020-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndan Aşgabat -Dubaý - Aşgabat ugry boýunça gatnawlaryň ýerine ýetirilmegi wagtlaýyn saklanyldy.