Hormatly kärdeşler!

Hormatly kärdeşler!

Dokma, himiki senagatynyň, gurluşyk önümlerini öndürijilik, telekommunikasiýa, ulag we logistika bagyşlanan «Türkmenistanyň Senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmaklyga Sizi çagyrýarys. Çäräni gurnaýjy bolup Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa minisytrligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýär.

Berilen çäre Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanyp, 2019-njy ýylyň 15-16-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler toplumynda geçiriler. Gatnaşyjylaryň ekspozisiýalarynda senagat we kommunikasiýa çygrynda ýetilen sepgitler görkeziler.

«Türkmenistanyň Senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty –  öz häsiýeti boýunça Türkmenistanda geçirilýän ilkinji çäre bolup, tejribe, täze pikirler we gazanylan üstünlikler barada pikir alyşmaklyga, şeýle hem Türkmenistana täze innowasiýa çözgütlerini çekmeklige   mümkinçilikleri berýär. Eksponentler telekeçilik we kesgitli şertnamalarda we taslamalarda amala aşyryljak, mundan beýläk hem berk hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin özleriniň iň gowy gazanan üstünliklerini görkezerler.  

Biz Sizi Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň gatnaşyjylarynyň arasynda garşy almaklyga şat bolarys. Çäräniň gurnaýjylary öz gezeklerinde Türkmenistanyň iş adamlary bilen eksponentleriň islegi boýunça ikitaraplaýyn gepleşikleri gurnamaklygy öz içine alýan ählitaraplaýyn ýardamlary bererler. Has anyk maglumatlar üçin gurnaýjy topara ýüz tutup bilersiňiz:

  * Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy:

Web-saýt: www.cci.gov.tm; E-mail: exhibition@cci.gov.tm

* Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministrligi:

Telefon belgisi: +99312390019; faks: +99312390075

Web-saýt: www.mincom.gov.tm; E-mail: foreigncomms@mic.gov.tm

* Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi:

Telefon belgisi: +99312443030; faks: +99312443283

Web-saýt: www.caa.gov.tm; E-mail: foreign@caa.gov.tm

Şeýle hem