30.11.2022 ý. Aşgabat:
tk ru en

2-nji iýunda Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-nyň Baş Assambleýasynda türkmen Lideriniň başlangyjy bilen kabul edilen Rezolýusiýa laýyklykda bellenilýän Bütindünýä welosiped gününe gabatlap, welosiped ýörüşini gurnady.

Sport çäresine diplomatik wekilhananyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary, şeýle hem Parižiň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar gatnaşdylar. Welosiped ýörüşi Parižiň iň köp adamly we gözel ýerleriniň biri bolan Eýfel diňiniň golaýyndaky Mars meýdançasynda geçirildi. Welosiped ýörüşine gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çeşme: http://turkmenistan.gov.tm