Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi ahlak tämizliginiň we ruhy kämilligiň baýramy — mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän baýramçylygyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Oraza baýramy dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklary, däp-dessurlary, ynanç-adatlary, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgeleri bilen baýlaşdyrylyp hem-de kämilleşdirilip gelinýän ajaýyp baýramlaryň biridir. Uly hem-de şöhratly taryhy ýoly geçen halkymyz iňňän gadymy döwürlerden bäri aňy, ruhy, kalby bilen Oraza baýramyna ruhy tämizligiň we ahlak arassalygynyň, ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşleriň we rowaçlyklaryň ýoly bilen ynamly öňe barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen we haýyr-sahawatlylygy dabaralandyrýan Oraza baýramyny täze many-mazmun, milli öwüşginler bilen has-da baýlaşdyryp, döwürleri, nesilleri we halklary jebisleşdirýän, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrýan baýram hökmünde giňden belleýäris.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda hem däp bolşy ýaly, güneşli Diýarymyzyň ähli sebitlerini gurşap alýan çuňňur many-mazmunly, ýokary döredijilik ruhly, gyzykly çäreler geçirilýär.
Bereketli toý saçaklary giňden ýazylyp, dürli nygmatlar taýýarlanýar. Ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da belende galmagy, ýurt abadançylygy hem-de rowaçlygy üçin alkyş-dilegler edilýär. Bu çäreleriň ählisi ata-babalarymyzyň mukaddes ýörelgelerine eýerip, biziň buýsanjymyz bolan eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýän, döredýän, gurýan halkymyzyň agzybirligini has-da pugtalandyrýar, nesillerimizi watansöýüjiligiň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýeleýär, şöhratly geçmişimize, şu günümize, geljegimize buýsanjymyzy has-da artdyrýar.
Mähriban watandaşlar!
Şanly geçmişimiz we medeni-ruhy mirasymyz umumadamzat taryhynyň we medeni-ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Halklary birek-birek bilen has-da ýakynlaşdyrmakda halkymyzyň döredijilik güýji we medeni-ruhy kuwwatynyň mümkinçilikleri örän uludyr. Adamzadyň buýsanjyna öwrülen medeni we ahlak gymmatlyklaryny döretmekde, ata-babalarymyzyň umyt-arzuwlaryny, pähim-paýhasyny, ýaşaýyş-durmuş aýratynlyklaryny beýan edýän toý-baýramlarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip gelmekde dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halkynyň tagallalary çäksizdir.
Mähriban halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan we döreden ruhy hem-de maddy gymmatlyklary, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ýörelgeleri, asylly maşgala däpleri, ululara hormat goýmak, ata-enäni sylamak, myhmansöýerlik, lebzihalallyk, adalatly bolmak ýaly ýörelgeleri milli terbiýäniň hem esasyny düzýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýän döwründe döwrebap ylymlara we bilimlere daýanyp, halkymyzyň gadymdan gelýän milli däpleriniň hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda bu ugurda ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek boýunça alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirýäris. Jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek babatda, ilkinji nobatda, maddy we ruhy baýlyklarymyza, ruhy-ahlak ýörelgelerimize aýratyn üns berýäris.
Baý mirasymyza, medeniýetimize, däp-dessurlarymyza hormat goýmak, olary goramak we bütin gymmatlygy bilen geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, ruhy-ahlak baýlyklarymyzy dünýä ýaýyp we milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleri geçirýäris. Millilige, ynsanperwerlige we ýagşylyga ýugrulan baýramlarymyzy has-da rowaçlandyrýarys. Bütin dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagyna, medeniýetleriň hem-de halklaryň birleşmegine, eziz Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna, milli ýörelgelerimiziň dabaralanmagyna mynasyp goşant goşmak biziň her birimiz üçin uly mertebedir.
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi ynsanperwerligi, hoşniýetliligi hem-de ruhy päkligi dabaralandyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Kalplaryň tämizlenýän, köňülleriň nur bilen dolýan mübärek Oraza aýyndaky tagat-ybadatlaryňyz, tarawa namazlaryňyz, agzaçar sadakalaryňyz, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna eden alkyş-dilegleriňiz, arzuw-umytlaryňyz Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt hem-de maşgala abadançylygyny arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.