Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň barha rowaçlanýan ulag-aragatnaşyk we logistika infrastrukturasynda raýat awiasiýasynyň tutýan orny yzygiderli artýar. Gysga döwürde ýurdumyzda bu ugurda hem netijeli işler üstünlikli amala aşyryldy. Gysga döwürde ýurdumyzda bu ugurda netijeli işler amala aşyryldy. Raýat awiasiýasynyň uçar parky täze häzirki zaman howa gämileri bilen üpjün edildi. Howa menzilleriniň durky düýpli täzelendi, pudagyň maddy-tehniki binýady pugtalandyryldy. Türkmenbaşy, Mary, Türkmenabat, Kerki şäherlerinde täze Halkara howa menzilleri guruldy. Aşgabatda sebitde iň iri Halkara howa menziliniň gurlup, ulanmaga berilmegi möhüm taryhy waka boldy. Äpet türkmen laçynynyň şekilinde taslanan bu iri Halkara howa menzili özboluşly binagärlik keşbine eýe bolup, ol häzirki zaman ösen infrastruktura, uly uLag-üstaşyr we gatnaw mümkinçilikleri bilen sebitde aýratyn orny eýeleýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň kuwwatyny artdyrmak bilen birlikde, şübhesiz, merdana halkymyzyň mertebe buýsanjyny, ata Watanymyza bolan söýgüsini has-da beýgeltdi.Ýurdumyzyň häzirki zaman awiasiýasy harby, raýat, ýörite, sanitar awiasiýasy ýaly, birnäçe görnüşlere bölünýär. Olaryň her birisi üçin özboluşly uçarlar, dikuçarlar mahsusdyr. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasy hem dünýä derejesinde okgunly ösýän ulag pudagydyr. Şu gün biz bir gije-gündiziň dowamynda dünýäniň o künjüne çenli baryp bilýäris. Beýle mümkinçiligi bize, elbetde, raýat awiasiýasy, onuň sesden çalt uçýan turboreaktiw uçarlary berýär.
Türkmenistan ulag-üstaşyr we logistika babatynda iňňän uly mümkinçiliklere eýedir. Soňky ýyllarda bu kuwwaty has netijeli peýdalanmak - ulaglaryň ähli görnüşleri üçin üstaşyr geçelgeleri gurmak arkaly ýurduň üstünden iň ýakyn we amatly ugurlar boýunça halkara ýük we ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Türkmenistan Gündogar ― Günbatar we Günorta ― Demirgazyk ugurlary özara birleşdirjek häzirki zaman demir, awtomobil, howa ýollarynyň we turbageçiriji transportynyň iri taslamalaryny üstünlikli gurýar. Ulag-üstaşyr geçirmek we logistika babatynda howa uçuşlarynyň halkara ugurlary boýunça ýük we ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmakda Türkmenistanyň uly mümkinçilikleri bar. Şol mümkinçilikleri netijeli amala aşyrmak üçin bolsa, ýurduň awiasiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipe bolup durýar. Ilki bilen, uly üstaşyr geçirmek mümkinçilikleri bolan iri häzirki zaman howa menzillerini gurmak zerurdyr. Şu nukdaýnazardan alanyňda, ýurdumyzda gurlan iri halkara howa menzilleri howa gatnawlarynyň şeýle üstaşyr akymyny öz üstünden geçirmek mümkinçiligini döretdi. Türkmenistanyň raýat awiasiýasy öz gözbaşyny geçen asyryň 1927-nji ýylyndan alyp gaýdýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň raýat awiasiýasy «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy» esasynda güýçli depginler bilen ösdürilýär. «Türkmenistanyň Howa kodeksinden», «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyndan», BMG-niň düzüm birligi bolan Raýat Awiasiýasynyň Halkara guramasynyň (IKAO) kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ugur alnyp, işlenip taýýarlanan «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini, hilini ýokarlandyrmak, bar bolan mümkinçilik kuwwatlyklaryny giňeltmek, olary netijeli ulanmak, awiasiýa ulaglarynyň hyzmatlaryny ösdürmek we olaryň hilini hem-de howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, awiasiýa pudagynda innowasiýalary döretmek hem önümçilige ornaşdyrmak, pudak üçin tejribeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli işler üstünlikli amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 ― 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» esasy wezipeleri howa menzillerini halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmekden, täze häzirki zaman howa menzillerini gurmakdan, bar bolan howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakdan, awiaparky we ýerüsti tehnikalary döwrebaplaşdyrmakdan, täze iş orunlaryny döretmekden ybaratdyr, uçuşlaryň täze ugurlaryny açmakdan, ýolagçy we ýük gatnawlarynyň howpsuzlygyny, halka edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Türkmenistanda uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça pudagara topary hereket edip, ol howa gatnawlarynyň ýokary howpsuzlyk şertleriniň üpjün edilmeginde möhüm wezipeleri amala aşyrýar. howpsuzlyk bolsa, howa ulagynda iňňän wajypdyr we möhüm şertdir.
Häzirki wagtda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň häzirki zaman howa gämileri dünýäniň dürli ýurtlarynyň iri şäherlerine uçuşlary amala aşyrýarlar. «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan pudakda zähmet çekýän hünärmenleriň hünär derejeleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Çünki raýat awiasiýasyndaky hyzmatlaryň we howpsuzlygyň ýokary halkara ülňülerini üpjün etmek döwrüň möhüm talaby hem-de hökmany şerti bolup durýar.Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalary pudagyň zähmetkeşleriniň janypkeş zähmetini maddy we ruhy taýdan goldamakda asylly işleri amala aşyrýarlar. Ak ganatlaryna türkmen laçynynyň şekili çekilen türkmen uçarlarynda dünýäniň islendik ýurduna uçmak howpsuzdyr we amatlydyr. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde barha rowaçlanýan ulag-aragatnaşyk, ulag-üstaşyr we logistika ulgamlary möhüm we geljegi uly bolan ugur bolup, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekligiň we ýurdumyzyň okgunly ösüşleriniň ygtybarly binýadyna öwrülýär.