Ulag-kommunikasiýalar toplumy islendik döwletiň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegidir. Onuň ösüş depgini köp babatda tutuş ýurduň ösüşini kesgitleýär. Ähli ugurlar boýunça öz wagtynda, ýokary hilli hyzmat etmek wezipesi öňünde goýlan ýük we ýolagçy daşamak hyzmaty, öz gezeginde, ulag ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegini emele getirýär.
Türkmenistanyň iň döwrebap üstaşyr ulag, logistika düzümini tiz wagtda kemala getirmek nukdaýnazaryndan, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary we anyk ädimleri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebitiň ösüşine hem kuwwatly itergi berdi. Geografik taýdan örän amatly çäkde — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän halkara ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, Türkmenistan ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklere eýedir.
Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» möhüm orun eýeleýär. Ýurdumyzyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamada ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, ulag düzümini kemala getirmek boýunça strategik maksatlara ýetmek, ulag düzümlerini döretmek we beýleki wezipeler göz öňünde tutulýar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabrynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Ulag gatnawlaryny ösdürmek, bu ulgamdaky gazanylanlardyr başlangyçlar boýunça ýurdumyzyň tagallalaryny dünýä ýaýmak, 2026 — 2035-nji ýyllarda Durnukly ulagyň onýyllygy boýunça BMG-niň maksatnamasynyň işlenip düzülmegine goşant goşmak maksady bilen, şu ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki duşuşygy geçirildi. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan öňe sürlüp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan halkara başlangyçlaryň möhüm ähmiýetiniň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygynyň nyşanydyr.
Türkmenistanyň gatnaşmagynda we başlangyçlary esasynda üstaşyr ulag gatnawlary bilen bagly uly işler amala aşyrylýar. TRACECA taslamasynyň çäklerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek, iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal gatnawlary guramak we kämilleşdirmek boýunça yzygiderli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ulag ulgamyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda tagallalary berkitmäge ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu ugra gönükdirilen sebit hem-de ählumumy derejedäki başlangyçlary Merkezi Aziýa, Hazar sebitinde degişli üstaşyr ulag, logistika ulgamlarynyň döredilmeginde, bu ugurlaryň tapgyrlaýyn ösdürilmeginde wajyp orny eýeleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlary, döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz tagallalary esasynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň täze tapgyrynyň binýady goýuldy. Şol sanda howa ulagy babatda halkara ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara howa menzilleriniň durkuny täzelemek, uçarlaryň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleri geçirmegi tabşyrdy. Raýat awiasiýasy ulgamynda daşary ykdysady gatnaşyklar dürli ýurtlar bilen halkara ylalaşyklaryň we konwensiýalaryň 50-den gowragy esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistan Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň, Awiasiýa we howa giňişligini ulanmak boýunça geňeşiň hem-de Döwletara awiasiýa komitetiniň agzasydyr, şeýle-de Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy agentligi bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Ýurdumyzda döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze howa menzilleri ulanmaga berilýär. Şolaryň hatarynda sagatda 1600-e golaý ýolagçy geçirijilik kuwwaty bolan paýtagtymyzyň Halkara howa menzilini, Lebap welaýatynyň Türkmenabat we Kerki şäherleriniň Halkara howa menzillerini görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde täze Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy milli raýat awiasiýasynyň ösüşinde möhüm waka boldy.
Howa ulaglarynyň üsti döwrebap “Boeing” we “Airbus” uçarlary bilen yzygiderli ýetirilýär. Hususan-da, gysga döwrüň içinde dürli kysymly “Boeing” howa gämileriniň birnäçesi, şol sanda “Airbus A330-200P2F” kysymly iki sany täze ýük uçary satyn alyndy. Munuň özi ýurdumyzyň milli awiakompaniýasynyň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplydygynyň görkezijisi bolup durýar. Şu ýylyň başynda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. “Türkmenistan” awiakompaniýasy uçarlaryň ilkinjisini geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda kabul edipdi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň düzümleýin desgalary hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Onuň çäginde ýerleşýän desgalar dürli görnüşli uçarlary talabalaýyk saklamak we tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek üçin niýetlenendir. Munuň özi ýük hem-de ýolagçy uçarlarynyň tehniki ýagdaýyny döwrebap derejede, halkara talaplara laýyklykda yzygiderli gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa uçarlary uzak möhletiň dowamynda ulanmagyň, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň baş şerti bolup durýar. Şu ýylyň başyndan bäri Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat, Aşgabat — Kuala-Lumpur — Aşgabat, Aşgabat — Jidda — Aşgabat, Aşgabat — Hoşimin — Aşgabat, Aşgabat — Milan — Aşgabat ugurlary boýunça yzygiderli ýolagçy howa gatnawlary açyldy. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň “C-check” angar toplumynyň düzüminde howa gämilerine hyzmat etmek üçin döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awiasiýa-tehniki merkez ýerleşýär.
Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak meselelerine, bu ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda tassyklanan we üstünlikli durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” ähli pudaklaryň tehnologik özgerişi we olaryň döwlet tarapyndan dolandyrylyşy, ýurdumyzyň ägirt uly baýlyklarynyň, önümçilik mümkinçilikleriniň binýadyndaky ykdysady ösüşi üçin bitewi meýdança bolup durýar.
Şeýlelikde, ulag-aragatnaşyk ulgamyny kämilleşdirmek babatda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işler halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak baradaky aladanyň hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny aýdyň tassyklaýar.